Şu gün 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy bellenilip geçilýär

Şu gün Milli Azat edijilik söweşiniň başladylmagy üçin edilen ilkinji ädimiň 102-nji ýyly

1641816
Şu gün 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy bellenilip geçilýär

19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy şu ýyl ýörite geçiriljek resmi dabaralardan daşary şeýle hem sanly ulgam arkaly geçiriler. 

Ilkinji dabara ýurdyň paýtagty Ankara şäherindäki Anytkabir mawzoleýinde geçiriler. 

Ýaşlar we Sport baýramy Mehmet Muharrem Kasapogly we ýanyndaky wekiliýet Atatürkiň mawzoleýine zyýarat eder. 

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý we Milli Bilim ministri Ziýa Selçuk sanly ulgam arkaly ýurdyň 81 welaýatynyň liseýlerinde okaýan okuwçylar bilen duşuşyk geçirer. 

Syýasy partiýanyň resmileri hem Anytkabiri zyýarat ederler. 

Sagat 19:19-da bolsa ýurdyň ähli şäherlerinde öýleriň balkonlarynda, penjirelerinde we stadionlarda Milli sena ýerine ýetiriler. 

Ýurdyň ençeme ýerinde koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde dabaralar, ulag kerwenleriniň geçişleri, konsertler, ses we yşyk şoulary ýaly çäreler geçiriler. 



Degişli Habarlar