Gyzyl kategoriýadaky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Gyzyl kategoriýa boýunça gözlenýän Agit Bismil adyny ulanan Aýdyn Şimşek täsirsiz ýagdaýa getirildi.

1641840
Gyzyl kategoriýadaky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, içerki howpsuzlyk operasiýalarynyň çäginde Milli Howpsuzlyk gullugyndan alynan maglumatyň esasynda, Diýarbakyr etrabynyň Lije etrabynda, Žandarma güýçleriniň ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglary, Žandarmanyň ýöriteleşdirilen harby topary we Komandos güýçleri bilen geçiren operasiýasynda 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň biriniň Diýarbakyr welaýatyndan jogapkär ýolbaşçy hökmünde iş alyp baran we Terrordan gözlenýänleriň sanawynda 10 million lira çenli baýrak goýulan, gyzyl kategoriýa boýunça gözlenýän Agit Bismil adyny ulanan Aýdyn Şimşekdigi anyklandy. 

Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçynyň 2018-nji ýyldan bäri guralan ençeme terrorçylykly aksiýanyň amala aşyrylmagy barada buýruk berip, ençeme raýatyň ýaralanmagyna we ýogalmagyna sebäp bolandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar