Erdogan 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň ösdügi, güýçlendigi, sebitleýin we global liderlik ýolunda ilerledigi saýyn ýaşlara has köp mümkinçilik hödürlemäge dowam etjekdigini habar berdi

1641888
Erdogan 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Erdogan 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, 1919-njy ýylyň 19-njy maýynyň Gazy Mustafa Kemalyň türk milletiniň garaşsyzlyk ugrunda alan güýji bilen Milli Azat edijilik söweşini başladan taryhy bir gündügini aýdan Prezident Erdogan: "Imperialist, koloniztor basyp alyjy güýçlere garşy alyp baran göreşimizde, milletimiz egsilmez bir tutanýerlilik bilen jebislik we raýdaşlyk içinde ýaňadandan aýaga galmak üçin öňe towusdy. Türk milleti Milli Azat edijilik söweşi boýunça hiç bir millete nesip etmedik edermenlik we batyrgaýlyk bilen döşüni gerip watanyny, baýdagyny gorady we epiki ýeňiş gazandy" diýip belledi. 

Ýaşlaryň hem Milli Azat edijilik söweşinden bäri ähli döwürlerde görkezen gahrymançylyk we edermenlikleri bilen ýurdyň umydy bolandyklaryny orta goýandyklaryny aýdan Erdogan: "Ähli ugurlarda öz strategiýasyny milli we ýerli mümkinçilikleri bilen meýdanda we stoluň başynda durmuşa geçirýän, maksatlaryna batly gadamlary bilen barýan bir ýurt hökmünde ýaşlarymyzyň bu tapgyrdaky goşantlaryna we üstünliklerine buýsanýarys, olara hemişe ynanýarys. Ýaşlarymyzyň olar üçin guran ýagty gelejekli Türkiýede bilimden iş üpjünçiligine, sungatdan sporda, ähli ugurlar boýunça hödürleýän mümkinçiliklerimizi, berýän goldawymyzy iň gowy ýagdaýda netijelendirmeklerine garaşýarys. Türkiýe ösdügi, güýçlendigi, sebitleýin we global liderlik ýolunda ilerledigi saýyn ýaşlara has köp mümkinçilik hödürlemäge dowam eder. Ähli ýaşlarymyzyň diňe öz milletimiz üçin däl, eýsem dünýäniň çar tarapyndaky ezilen adamlaryň ýurdumyza bolan ynamy we bildirýän umydy üçin tagalla etjekdiklerine ynanýaryn. Şol pikirler bilen 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramyňyzy gutlaýaryn, başda Gazy Mustafa Kemal bolmak bilen Milli Azat edijilik söweşimiziň ähli gahrymanlaryny uly hormat bilen hatyralap geçýärin" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar