19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy Anytkabirde geçirilen çäre bilen başlady

Şu gün Milli Azat edijilik söweşiniň başladylmagy üçin edilen ilkinji ädimiň 102-nji ýyly

1641932
19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy Anytkabirde geçirilen çäre bilen başlady

19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy şu ýyl ýörite geçiriljek resmi dabaralardan daşary şeýle hem sanly ulgam arkaly geçiriler. 

Ilkinji çäre ýurdyň paýtagty Ankara şäherindäki Anytkabir mawzoleýinde geçirildi.  

Ýaşlar we Sport baýramy Mehmet Muharrem Kasapogly we ýanyndaky wekiliýet Atatürkiň mawzoleýine zyýarat etdiler we Atatürkiň aramgähine gül desselerini goýdylar. Hormatly dymyşlykdan we Milli senanyň ýerine ýetirilmeginden soň ministr Kasapogly Misaky Milli binasyna geçip, Anytkabiriň ýörite depderine gol çekdi. 

Çäreden soň ministr Kasapogly, Senagat we tehnologiba ministri Mustafa Warank bilen bilelikde DIGIAGE oýun ssenariýsini özgerdýan komplekse sanly ulgam arkaly birigip, ol ýerdäki ýaşlar bilen söhbetdeş boldy. 

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý we Milli Bilim ministri Ziýa Selçuk sanly ulgam arkaly ýurdyň 81 welaýatynyň liseýlerinde okaýan okuwçylar bilen duşuşyk geçirer. 

Syýasy partiýanyň resmileri hem Anytkabiri zyýarat ederler. 

Sagat 19:19-da bolsa ýurdyň ähli şäherlerinde öýleriň balkonlarynda, penjirelerinde we stadionlarda Milli sena ýerine ýetiriler. 

Ýurdyň ençeme ýerinde koronawirus epidemiýasyna garşy görülen öňüni alyş çäreleriň çäginde dabaralar, ulag kerwenleriniň geçişleri, konsertler, ses we yşyk şoulary ýaly çäreler geçiriler. 



Degişli Habarlar