Eren operasiýalarynda ýene-de 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Operasiýalar bilen bagly maglumaty Içeri işler ministri Süleýman Soýlu özüniň Twitter hasabyndan paýlaşdy

1640538
Eren operasiýalarynda ýene-de 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy Penje operasiýalary dowam edýärkä, Eren operasiýalary bilen hem ýurdyň öz içinde terror guramasyna yzly-yzyna zarbalar urulýar. 

Operasiýalar bilen bagly maglumaty Içeri işler ministri Süleýman Soýlu özüniň Twitter hasabyndan paýlaşdy. 

Süleýman Soýlu, beýanatynda Eren operasiýalarynyň çäginde Şyrnak-Judi dagynyň Tuşimiýa diýilen ýerinde 5 terrorçy, Diýarbakyr welaýatynyň Kulp etrabynyň Ýaýlak diýilen ýerinde bolsa 2 terrorçy bolmak bilen jemi 7 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar