Daşary Işler Ministri Çawuşogly Iňlis Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki kärdeş alestinada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen bu meselede halkara derejesinde ediljek tagallalar hakynda pikir alyşdy

1640847
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Iňlis Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Britaniýanyň Daşary işler ministri Dominik Raab bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen bu meselede halkara derejesinde ediljek tagallalar hakynda pikir alyşdy.

Ministr Çawuşogly şol çäkde Palestinadaky Ysraýylyň wagşyçylygyna ünsi çekdi we halkara jemgyýetçiliginiň degişli çäräni görmelidigini nygtady.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly düýn hem katarly, palestinaly we pakistanly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi.



Degişli Habarlar