Mewlüt Çawuşogly: "Ummat bizden liderlik etmegimize garaşýar" diýdi

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde şehit bolanlaryň sany 52-si çaga jemi 181 adama ýetdi

1640184
Mewlüt Çawuşogly: "Ummat bizden liderlik etmegimize garaşýar" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Palestinada jebisligimizi we tutanýerliligimizi görkezmegiň wagt geldi. Ummat bizden liderlik etmegimize garaşýar. Türkiýe gerek bolan islendik ädimi etmäge taýardyr" diýip belledi. 

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň maslahaty Ysraýylyň palestinalylara garşy hüjümlerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly nobatdan daşary ýygnandy. 

Maslahatda Türkiýä wekilçilik eden Mewlüt Çawuşogly: "Palestinalylar üçin halkara gorag mehanizmi döredilmeli" diýip belledi.

Mewlüt Çawuşogly: "Palestinada jebisligimizi we tutanýerliligimizi görkezmegiň wagt geldi. Ummat bizden liderlik etmegimize garaşýar. Türkiýe gerek bolan islendik ädimi etmäge taýardyr" diýip nygtady. 

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde şehit bolanlaryň sany 52-si çaga jemi 181 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar