Türkiýe Halkara Jemgyýetçiligini Işe Girişmage Çagyrdy

Daşary işler ministrligi Ysraýylyň Palestina hüjümlerine alada bildirýär

1639394
Türkiýe Halkara Jemgyýetçiligini Işe Girişmage Çagyrdy

Türkiýe Ysraýylyň Gaza guraýan tank we artilleriýa hüjümlerine başlamagyna alada bildirip, hüjümleriň dessine bes edilmegi üçin halkara jemgyýetçiligini herekete geçmage çagyrdy.

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada, Ysraýylyn Gaza guraýan howa hüjümlerinde asuda ilatyň çekýän ýitgisiniň artýandygy, BMG-nin Palestina bosgunlaryna kömek we dikeldiş gullugyna degişli mekdepleriň zyýan çekendigi we sebitde işleýän “Anadoly” habarlar gullugynyň operatory bilen fotohabarçysynyň ýaralanandygy ýatladyldy.

Onuň, Ysraýylyn deňsiz we tapawut goýmaýan hüjümlerini aç-açan görkezýändigine üns çekilýän beýannamada, Ysraýylyň Gaza garşy tank we artilleriýa atyşlaryna başlamagyna alada bildirilip, adam pidalarynyň artmagyna sebäp boljak hüjümleriň dessine bes edilmegi üçin halkara jemgyýetçiligi gyssagly herekete geçmäge çagyryldy.

Ministrligiň beýannamasynda; “Ysraýylyň hüjümlerinde aradan çykan palestinaly doganlarymyza alladan rehmet, ýaralylara şypa, “Anadoly” habarlar gullugynyň işgärlerine geçdigi bolsun dileglerimizi ýetirýäris. Türkiýe, bu hakly gowgasynda palestin halkynyň ýanynda durmaga dowam eder” diýilýär.

 



Degişli Habarlar