Türkiýäniň Prezidenti Palestina diplomatiýasyny dowam etdirýär
Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde Erdogan we Japarow biri-birlerini Oraza baýramlary bilen gutladylar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we sebitleýin wakalaryň maslahatlaşylan telefon söhbetdeşliginde, Prezident Erdogan Aksa metjidine, Gaza we palestinalylara hüjüm guran Ysraýyla gerek bolan jogabyň berilmegi maksady bilen halkara arenadaky başlangyçlarynda Gyrgyzystany hem ýanlarynda görmek isleýändiklerini habar berdi.
Prezident Erdogan soň bolsa Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy.
Erdogan telefon söhbetdeşliginde, Ysraýylyň Palestina guraýan hüjümlerine garşy ähli platformalar boýunça dowam etdirýän tagallalarynda Owganystan bilen bilelikde hereket etmegiň ähmiýetini belläp geçdi.