Fahrettin Altun Ysraýylyň Anadoly habarlar agentligine we TRT guran hüjümlerini ýazgardy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Ysraýylyň Anadoly habarlar gullugyna we TRT-e guran hüjümlerini ýazgardy

1639010
Fahrettin Altun Ysraýylyň Anadoly habarlar agentligine we TRT guran hüjümlerini ýazgardy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Twitterden beren beýanatynda, Ysraýylyň Palestinada adamzat jenaýatyny etmegi dowam etdirýändigini habar berdi. 

Ysraýylyň palestinalylara garşy alyp barýan basyp alyjy syýasatyny we terrorçylykly aksiýalaryny bütin dünýä habar berýän azat metbugaty nyşana alandygyny aýdan Altun: "Anadoly habarlar gullugyndan soň, indi bolsa TRT Arap gullugynyň Gazadaky ofisine howa hüjümini guran Ysraýyl, hiç bir gymmatlyga sarpa goýmaýandygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Ysraýylyň alyp barýan döwlet terroryny ýazgarýarys. Eden ähli jenaýatlarynyň hasabyny soramak üçin ähli güýjümiz bilen işläris" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar