Türkiýede koronawirusa garşy göreş dowam edýär

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 13 müň 29 adama ýetdi

1638586
Türkiýede koronawirusa garşy göreş dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 232 adam boldy. 

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany bolsa 43 müň 821 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 228 müň 192 adam testden geçirilip, ýene-de 1 müň 496 adama koronawirusyň ýokandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 13 müň 29 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 35 müň 167 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 4 million 801 müň 291 adama ýetdi.

 



Degişli Habarlar