“Saňa Janymyz, Ganymyz Gurban Bolsun Eý Aksa”

Ysraýylyň hüjümlerine garşy ýurduň çar tarapynda protest ýörişi geçirildi.

1637878
“Saňa Janymyz, Ganymyz Gurban Bolsun Eý Aksa”

Ysraýylyň Gündogar Iýerusalimde palestinalylara garşy guraýan hüjümlerine we palestinalylaryň zor bilen öýlerinden çykarylmaklaryna garşy ýurduň çar tarapynda protest ýörişi geçirildi.

Anadoly Ýaşlar jemgyýetiniň Stambulyň Ysraýyldaky Başkonsullygynyň öňünde geçiren protest ýörişinde Gurhan okaldy.

Palestinanyň we Türkiýäniň baýdagy göterlen ýörişde “Janymyz, ganymyz saňa gurban bolsun eý Aksa”, “Ýok bolsun Ysraýyl” diýlen şygarlar aýdyldy.

Elazyglylar Ysraýylyň Aksa metjidine guran hüjümlerine garşy ulaglaryna münip Palestina goldaw berdiler.

 Agşamara bir ýere jemlenşen Malatýalylar hem Türkiýäniň we Palestinanyň baýdaklary bilen ulag kerwenlerine münip Palestinanyň halkyna goldaw berdiler



Degişli Habarlar