“Türkiýe, Palestinada Saýlawlaryň Geçirilmegi Üçin Ähli Taraplaýyn Goldaw Bermäge Taýar”

Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad Al Maliki resmi sapar bilen Ankara geldi

1636348
“Türkiýe, Palestinada Saýlawlaryň Geçirilmegi Üçin Ähli Taraplaýyn Goldaw Bermäge Taýar”

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Ankara gelen Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad Al Maliki bilen duşuşdy.

Iki kärdeş özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Ministr Çawuşogly, Ysraýylyň Gündogar Iýerusalimde bikanun ýagdaýda ýaşaýyş jaýlaryny gurmakdan ýüz öwürmegini isledi.

Mewlüt Çawuşogly, Palestinada saýlawlaryň halkara ülňülerine laýyklykda geçirilmegi üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýardyklaryny aýtdy.

Müsür bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar hakynda hem durup geçen Çawuşogly, “Müsür bilen daşary işler ministri derejesinde duşuşyp bileris” diýdi.

Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad Al Maliki bolsa “Türkiýe, palestinanyň halkyna ýakyndan goldaw berýär” diýip belledi.

Maliki, Palestinada saýlawlaryň geçirilmegi üçin halkara jemgyýetçiliginiň Ysraýyla basyş etmegini isledi.



Degişli Habarlar