Senagat we Tehnalogiýa Ministri Mustafa Warank WLP Sanjymynyň Ikinji Dozasyny Etdirdi

Sanjymyň 2-nji tapgyr synaglary 360 meýletiniň arasynda geçirler

1636392
Senagat we Tehnalogiýa Ministri Mustafa Warank WLP Sanjymynyň Ikinji Dozasyny Etdirdi

Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warank, täze görnüş koronawirusa garşy ýerli mümkinçilikler bilen taýarlanýan we wirusa meňzeş öýjüklere esaslanýan WLP sanjymynyň ikinji dozasyny etdirdi.

Ministr Waranak, TÜBITAK-yň başlygy Hasan Mandal bilen ýerli WLP sanjymynyň ikinji dozasyny etdirdi.

Warank, TÜBITAK Kovid-19 Türkiýe platformasynyň çäginde koronawirusa garşy taýarlanýan WLP sanjymynyň 1-nji tapgyrynyň çaginde sanjymyň ynsanlarda synagdan geçirilmäge başlanandygyny aýtdy.

TÜBITAK-yň başlygy Hasan Mandal bilen birlikde synaglaryň 38 meýletinde geçirilýändigini nygtan Warank, sanjymyň 2-nji tapgyr synaglarynyň bolsa 360 meýletiniň arasynda geçiriljekdigini belledi.

Ministr Waranak, 1-nji tapgyr işleriniň sanjymyň howpsyzdygyny görkezmek we immunitet bilen arabaglanşykly synaglar üçin geçirilýändigini, mundan soňky tapgyrlaryň bolsa sanjymynyň täsiri bilen arabaglanşyklydygyny belledi.



Degişli Habarlar