1-nji Ýanwardan Bäri 988 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Akar 2015-nji ýylyň 24-nji iýulynda Ikiýaka daglarynda başlan operasiýalaryň 6 ýyldan bäri dowam edýändigini nygtady

1636437
1-nji Ýanwardan Bäri 988 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 988 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Akar Türk ýaragly güýleriniň 2015-nji ýylyň 24-nji iýulynda Ikiýaka daglarynda başladan operasiýalarynyň 6 ýyldan bäri üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigini nygtady.

Hulusi Akar, Türk ýaragly güýçleriniň terror guramalary bilen birlikde ähli howplara garşy ýurduň jebisligini we bitewiligini goramak üçin uly tagalla edýändigini gürrün berdi.

Ekstremist terror guramalarynyň ornaşan ýeri bolan Awaşin-Basýanda we Metinada 23-nji aprelde “Penje-Ýyldyrym” operasiýalarynyň başladylandygyny ýatladan Akar “Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 988 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.

Akar, Türkiýäniň bir tarapda Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda terrorçylara garşy göreşýärkä, beýleki tarapdan hem Egeýde, Ortaýer deňizinde we Kiprde hem özüniň hem-de DKTR-nyň hukuklaryny goramak üçin gije gündiz diýmän arman-ýadaman göreşýändigini belledi.



Degişli Habarlar