“Penje Ýyldyrym” Operasiýalarynda Ýenede 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

“Penje Ýyldyrym operasiýalarynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 72-ä ýetdi”

1635972
“Penje Ýyldyrym” Operasiýalarynda Ýenede 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Yragyň demirgazygynda geçirilýän “Penje Ýyldyrym”operasiýalarynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginiň Twitterden beren habarnamasynda “Penje Ýyldyrym”operasiýalarynda terrorçylaryň hinlerine çenli girilýändigi nygtaldy.

Beýannamada, “Sebitde ýerleri anyklanylan ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, şeýlelikde täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 72-ä ýetdi” diýildi.



Degişli Habarlar