Türkiýede Kovid-19 Sanjymyny Etdirenleriň Sany 24 Million 353 Müň 636 Adamdan Geçdi

Türkiýede täze görnüş koronawirusa garşy ikinji doza sanjymyny etdirenleriň sany 10 million adamdan geçdi

1635189
Türkiýede Kovid-19 Sanjymyny Etdirenleriň Sany 24 Million 353 Müň 636 Adamdan Geçdi

Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezijilerine görä, Türkiýe wagty bilen 10.30-a çenli 14 million 352 müň 956 adama Kovid-19 sanjymynyň birinji dozasy, 10 million 680 müň adama hem ikinji dozasy edildi.

Şeýlelikde jemi sanjym etdirenleriň sany 24 million 353 müň 636 adama ýetdi.

Sanjym meýilnamasynyň çäginde häzir Sinowak we BioNTeh sanjymlary edilýär. Sputnik V sanjymynyň birinji tapgyrynyň hem üstümizdäki aýyň dowamynda Türkiýä gelmegine garaşylýar.

Koronawirusa garşy taýarlanýan ýerli 18 sanjymdan biri bolan Erjiýes uniwersitetiniň Kovid-19 sanjymynyň üçünji tapgyr işlerine hem birnäçe hepdäniň dowamynda başlanmagy meýilleşdirilýär.


Etiketkalar: #sanjym , #koronawirus , #Kovid-19

Degişli Habarlar