Türkiýäniň Daşary işler ministri Germaniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň howpsuz dyn alyş üçin gerek bolan ähli çäreleri görendigini habar berdi

1635335
Türkiýäniň Daşary işler ministri Germaniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde Daşary işler ministri Haýko Maas bilen toparara we ikiçäk duşuşyk geçirdi. 

Mewlüt Çawuşogly, gepleşiklerden soň geçirilen umumy metbugat ýygnagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny, sebitleýin meseleleri, Gündogar Ortaýer deňizi, Liwiýa we Siriýadaky wakalar bilen birlikde ençeme meseläni maslahatlaşandyklaryny habar berdi. 

Koronawirus epidemiýasyna garamazdan iki ýurdyň arasyndaky söwdanyň çalt depginler bilen artýandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Söwda kuwwadymyzyň şu ýyl 40 miliard dollardan hem geçip biljekdigini görýäris" diýip mälim etdi. 

Syýahatçylyk babatynda geçen ýyl Germaniýa bilen ikitaraplaýyn häsýetde baglaşylan ylalaşyklaryň taraplaryň ikisinede gowy netijeler getirendigini aýdan Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň syýahatçylyk möwsümine howpsyz ýagdaýda girmek üçin käbir goşmaça çäreleriň görülendigini, onuň peýdalaryny görmäge başlandyklaryny aýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly koronawirus sanjymy bilen baglanşykly bolsa: "Elbetde kärhanalaryň awtorlyk hukugyna hormat goýulmaly. Emma umumy önümçilik babatynda ýurtlaryň has gowy gatnaşyklar etmegi gerek" diýip belledi. 

Iki gün ozal Liwiýa sapar gurandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Harby tälim we maslahat bermek ýaly ýurda peýda getirýän goldawlaryň bes edilmegi ýurdyň peýdasyna däldir. Bu pozisiýa dogry däldir. Liwiýa täze gurulan hökümede goldaw bermegimiz gerek, hakyna tutma esgerler ýurtdan çekilmeli" diýip nygtady. 

Haýko Maas bolsa beren beýanatynda, Germaniýa hökmünde hemişe Türkiýe bilen konstruktiw gatnaşygyň tarapdary bolandyklaryny belläp: "Türkiýe NATO-nyň içinde möhüm bir hyzmatdaşymyz. Germaniýa muny hemişe nygtap geçdi. Geljekde hem aýratyn ýeri bolar" diýip belledi. 



Degişli Habarlar