Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy Selman bin Abdülaziz Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1634008
Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berilen beýanata görä Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen Saud Arabystanynyň Şasy Selman bin Abdülaziz Al Saudyň arasynda geçen telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Saud Arabystany gatnaşyklary ara alynyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan bu hepde boljak Gadyr gijesi we golaýlap gelýän Remezan baýramy mynasybetli Saud Arabystanynyň Şasy Selman bin Abdülazizi gutlady.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda ikitaraplaýyn meseleler we hyzmatdaşlygy ösdürjek ugurlar maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan bilen Saud Arabystanynyň Şasy Selman bin Abdülaziz Al Saudyň arasynda 2020-nji ýylyň 21-nji noýabrynda geçen telefon söhbetdeşliginde, iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar gözden geçirilipdi, döwürleýin başlyklyk wezipäni Saud Arabystanynyň ýerine ýetirýän G20 Liderler maslahaty bilen bagly ugurlar ara alynyp maslahatlaşylypdy.

Erdogan we Şa Selman telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özgerdilmegi we meseleleriň ortadan aýrylmagy üçin dialog kanallarynyň açyk tutulmagy babatynda ylalaşyk gazanypdylar. 



Degişli Habarlar