“Penje Ýyldyrym” Operasiýalarynda Täsirsiz Ýagdaýa Getirlen Terrorçylaryň Sany 68-e Ýetdi

Hulusi Akar Göljük deňiz flody serkerdeliginde esgerler bilen duşuşdy

1634217
“Penje Ýyldyrym” Operasiýalarynda Täsirsiz Ýagdaýa Getirlen Terrorçylaryň Sany 68-e Ýetdi

 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar “Penje Ýyldyrym” operasiýalarynda täsirsiz ýagdaýa getirlen ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň sanynyň 68-e ýetendigini aýtdy.

Hulusi Akar, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler, Deňiz güýçleriniň serkerdesi goşun admeraly Adnan Özbal bilen birlikde Göljük deňiz flody serkerdeliginde esgerler bilen duşuşdy.

Esgerlere ýüzlenip çykyş eden Akar, Yragyň demirgazygynda 23-nji aprelde başladylan “Penje Ýyldyrym” operasiýalary hakynda maglumat beren Akar “Operasiýalarymyz üstünlikli dowam edýär. Soňky gezek bir gowakda 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 23-nji aprelden bäri jemi 68 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.

Çykyşynda Kipriň Türkiýäniň milli meselesidigini nygtan Akar, meseläniň Adada iki döwletiň gurulmagy bilen çözülip bilinjekdigini belledi.

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda hem durup geçen Akar, Türkiýäniň hiç kimiň ýerinde, suwynda, hak-hukugynda gözüniň ýokdygyny nygtady.



Degişli Habarlar