Ermeni Terror Guramasy Tarapyndan Şehit Edilen Diplomat Orhan Gündiz Hatyralandy

39 ýyl ozal ermeni terror guramasy ŽJAG tarapyndan şehit edilen diplomat Orhan Gündiz üçin hatyralama çäresi geçirildi.

1634296
Ermeni Terror Guramasy Tarapyndan Şehit Edilen Diplomat Orhan Gündiz Hatyralandy
abd diplomat orhan gunduz.jpg
abd diplomat orhan gunduz.jpg
abd diplomat orhan gunduz.jpg
abd diplomat orhan gunduz.jpg

ABŞ-da Türkiýäniň Bostondaky Baýry Başkonsuly wezipesini ýerine ýetirýärkä 39 ýyl ozal ermeni terror guramasy ŽJAG tarapyndan şehit edilen diplomat Orhan Gündiz üçin hatyralama çäresi geçirildi.

Türkiýäniň Bostondaky Baýry Başkonsuly Orhan Gündiz, Somerwilledäki öýüniň öňünde ulagyna münýärkä atylyp öldürlen köçesinde we Forest Hildäki gonamçylygynyň başynda hatyralandy.

Hatyralama çäresine Türkiýäniň Bostondaky Başkonsullygynyň işgärleri we Türk-Amerikan jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdy.

Hatyralama çäresinde çykyş eden Türkiýäniň Bostondaky Başkonsuly Jeýlan Özen, Orhan Gündüziň ömri hakynda maglumat berdi we diplomada garşy guralan hyýanatçylykly hüjümiň hak-hukuk we adalat bilen hiç hili arabaglanşyynyň ýokdygyny belledi.

Türk-Amerikan jemgyýeti hem diplomadyň ermeni terror guramasy tarapyndan şehit edilmegini ýazgardy.



Degişli Habarlar