Daşary işler ministriniň orunbasary Salonikä we Günbatar Frakiýa sapar gurar

Daşary işler ministriniň orunbasary Ýawuz Selim Kyran, Gresiýanyň Saloniki şäherine we Günbatar Frakiýa sebitine sapar gurar

1634023
Daşary işler ministriniň orunbasary Salonikä we Günbatar Frakiýa sapar gurar

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ýawuz Selim Kyranyň, 5-6-njy maý aralygynda gurajak saparynda, Oraza aýy mynasybetli Komotini we Ksanti müftüleri başda bolmak bilen, kowumdaş guramadyr edaralaryň wekilleri bilen duşuşyk geçirjekdigi, Günbatar Frakiýa ýaşaýan türk azlyklarynyň wekilleri bilen duşuşjakdygy we azlyklaryň mekdepleri we Osmanly eserlerine zyýarat etjekdigi habar berildi. 

Ýawuz Selim Kyranyň, saparynyň çäginde şeýle hem Saloniki şäherinde ýerleşýän Atatürkiň öýüne barjakdygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar