Milli Goranmak ministri Akar Liwiýada Iş Alyp Barýan Türk Esgerleri Bilen Duşuşdy

"Liwiýada durnuklylygyň dowam etmegi üçin milli jebislik hökümetine goldaw bermäge dowam ederis"

1633543
Milli Goranmak ministri Akar Liwiýada Iş Alyp Barýan Türk Esgerleri Bilen Duşuşdy

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar bilen Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler Liwiýada saparda bolýar

Milli Goranmak ministri Akaryň ýolbaşçylygyndaky türk wekiliýeti resmi saparynyň çäginde Liwiýada iş alyp barýan türk esgerleri bilen duşuşdy.

Duşuşyga Liwiýanyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Muhammed Al Haddad bilen birlikde liwiýaly ýokary çinli serkerdeler gatnaşdy.

Duşuşykda esgerlere ýüzlenip çykyş eden Akar, Liwiýanyň liwiýalylara degişlidigini we Türkiýäniň Liwiýa goldaw berýändigini belledi.

Hulusi Akar “Liwiýanyň garaşsyzlygyna we özygtyýarlygyna uly ähmiýet berýäris. Biz Liwiýa gelenimizde käbir kynçylyklar başdan geçirilýärdi. Şol kynçylyklaryň ortadan aýrylmagy üçin gije gündiz diýmän gury ýerde, deňizde we howada elimizden geleni etdik. Çeken zähmetlerimiziň netijesinde uly öňe gidişlikler edildi we şu günki sepgide çenli geldik. Liwiýanyň durnuklylygy üçin, Liwiýanyň ýaragly güýçleriniň döwrebaplaşdyrylmagy üçin liwiýaly doganlarymyz bilen egin egine işleşýäris” diýdi.

Milli Goranmak ministri Akar, dekabr aýynda geçiriljek saýlawlara çenli Liwiýada durnuklylygyň dowam etmegi üçin Abdulhamid Dibeýbeniň ýolbaşçylygyndaky milli jebislik hökümetine goldaw bermäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy.



Degişli Habarlar