Aprel Aýynda 115 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

2021-nji ýylyň aprel aýynda jemi 9 müň 341 operasiýa geçirildi

1633555
Aprel Aýynda 115 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

 

Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Ismail Çatakly, aprel aýynda 8-i guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçysydygy aýdylýan jemi 115 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Çatakly içerki howpsyzlyk operasiýalarynyň çäginde 2021-nji ýylyň aprel aýynda 9-y uly, 34-i orta ululykly bolmak bilen jemi 9 müň 341 operasiýanyň geçirlendigini aýtdy.

Ismail Çatakly aprel aýynda terror guramasynyň tarapdarlaryna garşy hem 1418 operasiýanyň geçirlendigini belledi.

Çatakly “Aprel aýynda 8-i guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçysydygy aýdylýan jemi 115 terrorçy, 16-sy öli, 2-i ýaraly, 72-si sag, 25-i boýun egmek bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylardan 66-sy PKK/KJK-nyň 49-y bolsa terror guramasy DAIŞ-iň agzasy” diýip belledi.

Ismail Çatakly “Terror guramasyna goldaw berýän 2 müň 527 şübheli saklandy, 448 adam hem tussag edildi”diýdi.



Degişli Habarlar