Yragyň demirgazygyndaky Penje-Ýyldyrym operasiýalary giň gerimli dowam etdirilýär

Sebitde anyklanan gaçybatalgalar we ok-däri ammarlary ýörite toparlar tarapyndan ýok edildi

1633178
Yragyň demirgazygyndaky Penje-Ýyldyrym operasiýalary giň gerimli dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, Yragyň demirgazygyndaky Penje-Ýyldyrym operasiýalarynyň çäginde ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan ulanylan gaçybatalgalaryň we ok-däri ammarlaryň ýok edilendigini habar berdi. 

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Metina we Awaşin-Basýan sebitlerinde başladan Penje-Ýyldyrym operasiýalarynyň çäginde ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylara degişli ýarag we ok-däri ammarlar bilen gizlenip goýulan elde ýasalan partlaýjy maddalaryň saplaýyş işleri dowam edýär. 

Sebitde anyklanan gaçybatalgalar we ok-däri ammarlary ýörite toparlar tarapyndan ýok edildi. 



Degişli Habarlar