Fahrettin Altun Kipr meselesi bilen bagly beýanat berdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Kiprdäki ýeke-täk çözgüdiň deň hukukly we özygtyýar iki döwletiň barlygydygyny beýan etdi

1632263
Fahrettin Altun Kipr meselesi bilen bagly beýanat berdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, özüniň Twitter hasabyndan Kipr meselesi bilen bagly beýanat berdi. 

Eýýäm ençeme ýyl bäri çözülip bilinmeýän Kipr meselesiniň Türkiýäniň orta goýan güýçli ygtyýary bilen halkara derejede has adalatlylyk bilen maslahatlaşylýandygyny aýdan Altun: "Adadaky türk barlygyny ýok hökmünde hasap edilip, Kipr meselesi çözülip bilnmez. Kiprdäki ýeke-täk çözgüt deň hukukly we özygtyýar iki döwletiň barlygydyr" diýip belledi. 

Altun, beýanatynda Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan taýarlanan, Kipr meselesini, geçmişden şu güne çenli geçirilen we netijesiz galan gepleşikler bilen Türkiýe Respublikasynyň Kipr meselesindäki roluny düşündirýän ýörite wideo paýlaşdy. 


Etiketkalar: #mesele , #Kipr , #Fahrettin Altun

Degişli Habarlar