Iýun Aýynda Türkiýä 30 Million Doza Sanjym Bermek Isleýäris

Prof. Ugur Şahin, Türkiýä has köp sanjym bermek isleýändiklerini nygtady

1630236
Iýun Aýynda Türkiýä 30 Million Doza Sanjym Bermek Isleýäris

 

Täze görnüş koronawirusa garşy sanjym öndüren nemes biotehnalogiýa firmasy BioNTechiň ýolbaşçylaryndan Prof. Ugur Şahin, Türkiýä mümkin boldugyça has köp sanjym bermek isleýändiklerini, emma şol sanjymlaryň ilki öndürilmelidigini aýtdy.

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja bilen birnäçe hepdeden bäri mesele hakynda gepleşik geçirýändiklerini nygtan Şahin “Häzirlikçe ilkinji dozalaryny berdik. Türkiýä has köp sanjym bermek isleýäris. Emma ilkinji nobatda öndürilýän sanjymlaryň mukdary artdyrylmaly. Türkiýä iýun aýynda 30 million doza çenli sanjym bermek isleýäris. Iýul we awgust aýlarynda bolsa has köp sanjym berilmegi meselesini seljerýäris” diýdi.


Etiketkalar: #BioNtech , #sanjym , #Ugur Şahin

Degişli Habarlar