Türkiýäniň Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 40 müň 444 adama ýetdi

1630250
Türkiýäniň Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda çekilen adam pidasy 341 boldy.

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 39 müň 398 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 283 müň 261 adam testden geçirilip, ýene-de 2 müň 728 adama koronawirusyň ýolugandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 40 müň 444 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 45 müň 198 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 4 million 212 müň 461 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, ýerli inaktiw sanjymyň faz-3 synaglary üçin taýarlyklaryň öňümizdäki birnäçe günüň içinde başlajakdygyny habar berdi. 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Ylmy Geňeşiň maslahatyndan soň beren beýanatynda: "Türkiýe Sputnik V sanjymyndan 6 aýyň içinde 50 million doza almak üçin ylalaşyk baglaşdy. Ilkinji sanjymlar maý aýynyň içinde ugradylar" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar