Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Milli Goranmak ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi

1625347
Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitine od açan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy desant güýçler tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Gahryman desant güýçlerimiz terrorçylara zarba urmaga dowam edýär. Asudalyk we howpsuzlyk gurşawyny bozmak maksady bilen Parahatçylyk Çeşmesi sebitine od açan PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy desant güýçlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar