Türkiýäniň Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 36 müň 267 adama ýetdi

1624350
Türkiýäniň Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda çekilen adam pidasy 341 boldy.

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 36 müň 267 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 318 müň 869 adam testden geçirilip, ýene-de 2 müň 862 adama koronawirusyň ýolugandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 55 müň 149 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 48 müň 947 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 3 million 736 müň 537 adama ýetdi.



Degişli Habarlar