Soýlu: "Gresiýanyň howpsuzlyk güýçleri bosgunlary ýakmaga synanyşdy" diýdi

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy, 41 bosguny halas edip, Çeşme portyna getirdi

1623418
Soýlu: "Gresiýanyň howpsuzlyk güýçleri bosgunlary ýakmaga synanyşdy" diýdi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Gresiýanyň howpsuzlyk güýçleriniň ýakmaga synanyşan bosgunlaryň wideosyny paýlaşyp: "Ýewropa Gresiýanyň eden-etdiliklerine çydamlylyk etmäge we başdan geçirilýänlere sessiz galmaga dowam etdigi saýyn ady taryha, bu erbetligiň öjükdirijisi hökmünde ýazylar" diýip belledi. 

Izmir welaýatynyň Çeşme etrabynyň suw giňişliginde gözegçilik işlerini geçirýän Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk güýçleriniň Gresiýa tarapyndaky bosgunlary daşaýan gaýygyň Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilýändigini anyklady. 

Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk güýçleriniň berilen ähli duýduryşlara garamazdan gaýygy Türkiýäniň suw giňişligine itmäge dowam edeninden soň Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy, 41 bosguny halas edip, Çeşme portyna getirdi. Aýagy ýanan bir bosgun lukmanlaryň garamagyna berildi. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň bosgunlary daşaýan gaýygy Türkiýäniň suw giňişligine itendigi baradaky wideony paýlaşdy. 

Gresiýanyň howpsuzlyk güýçleriniň, benzin döküp ýakmaga synanyşan bosgunyň öz başyndan geçirenleri barada: "Gresiýanyň polisiýa gullugy pullarymyzy, telefonlarymyzy ellerimizden aldylar. Bize gidiň diýen bir zenan, benzin getirip üstümize dökdi, otlady. Polisiýa işgäri Türkiýä gitmeýänligiňiz üçin ýandyňyz diýip aýtdy" diýip habar berdi. 

Süleýman Soýlu: "Gresiýanyň Howpsuzlyk güýçleriniň adamlaryň üstüne benzin döküp ýakmaga synanyşmaklary, Ýewropanyň gözegçilik etmeginde gyrgynçylyk etmek diýmekdir. Ýewropa Gresiýanyň eden-etdiliklerine çydamlylyk etmäge we başdan geçirilýänlere sessiz galmaga dowam etdigi saýyn ady taryha, bu erbetligiň öjükdirijisi hökmünde ýazylar" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar