Türkiýe Bosniýa-Gersegowina Sanjym Kömegini Berdi

28-nji martda hem Bosniýa-Gersegowina 30 müň dozalyk Kovid-19 sanjymy berlipdi

1623210
Türkiýe Bosniýa-Gersegowina Sanjym Kömegini Berdi

Türkiýe täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde Bosniýa-Gersegowina 10 müň dozalyk Sinowak sanjym kömegini berdi.

Prezident R. T. Erdoganyň tabşyrygy boýunça 28-nji martda hem Bosniýa-Gersegowina 30 müň dozalyk Kovid-19 sanjymy berlipdi.

Türkiýeden ugradylan sanjymlary kabul edip alan Bosniýa-Gersegowinanyň Howpsyzlyk ministri Selmo Çikotik howa menzilinde beren beýannamasynda, türk halkyna we Içeri işler ministri Süleýman Soýla sagbolsun aýtdy.

Ministr Çikotik gelen sanjymlar bilen howpsyzlyk güýçlerine sanjym ediljekdigini belledi.

Bosniýa-Gersegowinanyň Howpsyzlyk ministri Selmo Çikotik Türkiýä guran resmi saparynyň çäginde 5-nji aprelde Içeri işler ministri Soýlu bilen bolan duşuşygynda howpsyzlyk güýçleri üçin sanjym berilmegini isläpdi.

Çikotik “Türkiýe Bosniýa-Gersegowina ýakyndan goldaw berýändigini ýene-de bir gezek görkezdi” diýdi.



Degişli Habarlar