Mewlüt Çawuşogly Owganystan bilen bagly beýanat berdi

Mewlüt Çawuşogly özüniň Twitter hasabyndan Owganystandaky ýagdaý bilen baglanşykly beýanat berdi

1621483
Mewlüt Çawuşogly Owganystan bilen bagly beýanat berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, 24-nji aprelde Stambul şäherinde Owganystandaky parahatçylyk etaby bilen bagly ýokary derejeli maslahatyň geçiriljekdigini belläp: "Türkiýäniň doganyk Owganystana berýän güýçli goldawy dowam eder" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly özüniň Twitter hasabyndan Owganystandaky ýagdaý bilen baglanşykly beýanat berdi.

NATO Geňeşiniň maslahatyna gatnaşandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Owganystan üçin uzak möhletleýin strategiýa gerek. 24-nji aprelde Stambul şäherinde Katar we BMG bilen birlikde Owganystandaky parahatçylyk etaby bilen bagly ýokary derejeli maslahat geçireris. Türkiýäniň doganyk Owganystana berýän güýçli goldawy dowam eder" diýip mälim etdi.

NATO-nyň Owganystandaky Tutanýerli goldaw missiýasyna agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri, düýn Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherindäki NATO ştabynda maslahat geçiripdiler. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýä wekilçilik edip maslahata gatnaşypdy. 



Degişli Habarlar