Türkiýe, Liwiýa we Malta döwletleriniň Daşary işler ministrleri Üçtaraplaýyn maslahat geçirdiler

Türkiýäniň, Liwiýanyň we Maltanyň Daşary işler ministrleri Üçtaraplaýyn maslahat geçirdiler

1620042
Türkiýe, Liwiýa we Malta döwletleriniň Daşary işler ministrleri Üçtaraplaýyn maslahat geçirdiler

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümetiniň Daşary işler ministri Nejla al-Menguş we Maltanyň Daşary işler ministri Ewarist Bartolo bilen üçtaraplaýyn duşuşyk geçirendigini habar berdi. 

Beren beýanatynda Liwiýa berilýän goldawyň dowam etjekdigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Bu taryhy öwrülişikde Liwiýada parahatçylyga, durnuklylyga we ýaňadandan dikeliş tapgyryna goldawymyz dowam eder. Bikanun göç bilen birlikde, Ortaýer deňizinde asudalygyň we howpsuzlygyň hemişelik bolmagy üçin hyzmatdaşlygymyz dowam eder" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar