Diýanet Gaznasy 20 Ýurtda Suw Guýusyny Gazar

Türkiýe Diýanet gaznasy 20 ýurtda 111 sany suw guýusyny we gazna çeşmesini açar.

1619491
Diýanet Gaznasy 20 Ýurtda Suw Guýusyny Gazar

Açylan şol suw çeşmelerinden 1 milliondan gowrak adam peýdalanar.

Diýanet gaznasyndan berilen beýannama görä, Türkiýe Diýanet gaznasynyň dolandyryjylar geňeşiniň 2-nji Başlygy İhsan Açyk, ynsanperwer kömegi berilýän adamlaryň maddy we ruhy isleglerinin kanagatlandyrylmagy üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

Durmuşyň ähli ugurlarynda iş alyp barmagy özlerine maksat hökmünde kesgitländiklerini we işleriň şoňa laýyklykda alynyp barylýandygyny beýan eden Açyk; “Oraz aýynda beriljek ynsanperwer kömekleri üçin 75 ýurtda biziň ýolumyza umyt bilen garaýan ejir çeken, zulum gören we kömege mätäç adamlara kömek ýetirýän toparlarymyz, isleg bildiren ýurtlarda we sebitlerde suw guýularyny we gazna çeşmelerini açarlar” diýdi.

Açyk: “Şol çäkde 20 ýurtda 111 suw guýusy we gazna çeşmesi açylar, arassa agyz suwundan mahrum adamlary suw bilen üpjümn ederis. Şol çeşmelerden 1 milliondan gowrak adam peýdalanar” diýdi.

Açyk 2015-2020-nji ýyllaryň aralygynda 32 ýurtda 440 suw guýusynyň we gazna çeşmesiniň açylandygyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar