Çawuşogly Kanadaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Kanadanyň Daşary işler ministri Mark Garno bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1619982
Çawuşogly Kanadaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Telefon söhbetdeşliginde şeýle hem Türkiýä garşy goranyş senagaty boýunça girizilen çäklendirmeler babatynda Kanadanyň garaýşyna biynjalyklyk bildirildi we bu ýagdaýyň gözden geçirilmegi islendi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Hormatly ministrimiz Mewlüt Çawuşogly, Kanadanyň Daşary işler ministri Mark Garno bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alynyp maslahatlaşyldy, Türkiýä garşy goranyş senagaty boýunça girizilen çäklendirmeler babatynda Kanadanyň garaýşyna biynjalyklyk bildirildi we bu ýagdaýyň gözden geçirilmegi islendi" diýip habar berildi.

Kanadanyň Daşary işler ministri Mark Garno telefon söhbetdeşligi bilen bagly beren beýanatynda: "Türkiýe NATO agza möhüm bir hyzmatdaş we NATO-nyň hyzmatdaşlyk programmasy bilen baglanşykly ýüz tutmalar ýagdaýa görä gözden geçiriler" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar