Türkiýäniň we Ukrainanyň bilelikdäki beýannamasy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň arasynda düýn duşuşyk geçirilipdi

1618886
Türkiýäniň we Ukrainanyň bilelikdäki beýannamasy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň arasynda düýn geçirilen gepleşiklerden soň umumy beýannama çap edildi. 

Stambul şäherindäki Huber köşgünde topara gepleşiklerden soň çap edilen beýannamada, Ukrainanyň halkara guramalar tarapyndan ykrar edilen serhetleriniň çäginde, territorial bütewiligine we özygtyýarlylygyna şertsiz ýagdaýda goldawyň ýaňadandan tassyklanmagy, Krym Awtonom Respublikasy we Sewastopol şäheri bilen Donetsk we Lugansk sebitleriniň basyp alyşlykdan azat edilmegi başda bolmak bilen, Ukrainanyň halkara derejede kabul edilen serhetleriniň çäginde territorial bütewiligini ýaňadandan üpjün etmegi maksat edinýän ädimler babatynda koordinasiýanyň dowam etmegi barasynda karara gelindi. 

Beýannamada Krymyň Russiýa Federasiýasy tarapyndan hukuga ters gelýän we bikanun anneksiýasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen täze bir format hökmünde "Krym Platformasynyň" döredilmegi barada karara gelindi.  

Beýannamada wagtlaýyn anneksiýa astyndaky Krym Awtonom Respublikasy we Sewastopol şäherinde adam hukuklarynyň goralmagy we bikanun ýagdaýda göz tussaglygyna alynan Krym tatarlary bilen birlikde Ukrainanyň ähli raýatlarynyň azat edilmegi maksady bilen halkara hukugyň çägindäki tagallalary ylalaşyk içinde alynyp barylmagy barada karara gelindi. 

Ukrainanyň NATO agzalyk perspektiwasynyň üstünde durulyp geçilen beýannamada: "NATO bilen birlikde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn mehanizmleriň üsti bilen Gara deňiz sebitinde howpsuzlygyň we durnuklylygyň goldanmagy bilen bagly hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy barada karara gelindi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar