"Koronawirus epidemiýasynda daşary ýurtlardan 100 müň raýatymyzy bejergi üçin Türkiýä getirdik"

Erdogan: "Öňüni alyş çärelerini berjaý edip, takdyra boýun bolup, epidemiýa garşy göreşimizi dowam etdireris" diýip nygtady

1619015
"Koronawirus epidemiýasynda daşary ýurtlardan 100 müň raýatymyzy bejergi üçin Türkiýä getirdik"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde epidemiýanyň başyndan bäri dünýäniň 142 ýurdundan 100 müňdan gowrak raýatyň bejergi üçin Türkiýä getirilendigini habar berdi. 

Prezident Erdogan, Stambul Dolmabahçe köşgündäki ofisinde Halkara Demokratlar Bileleşiginiň Zenanlar şahasynyň we Ýaşlar şahasynyň Karar beriş we Dolanşyk geňeşiniň agzalaryny kabul etdi. 

Prezident Erdogan, Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde şu günki güne çenli 157 ýurda we 12 halkara gurama ynsanperwer kömek ugradandyklaryny habar berdi. 

Şu günki gün Ýewropada takmynan 6 million türk raýatyň bardygyny aýdan Prezident Erdogan: "Ýewropadaky türkleriň ýaşaýan ýurtlarynyň syýasy, medeni, ykdysady we sosial durmuşyna has köp goşant goşmaklaryndan bagtyýardyrys. Germaniýanyň biotehnologiýa kärhanasy BioNTeçiň esaslandyryjy Prof. Dr, Ugur Şahin we aýaly Özlem Türeji mugallymlarymyzyň Kowid-19 sanjymyny oýlap tapmakdaky üstünligi, özlerine goldaw berilen halatynda we mümkinçilik berilen halatynda raýatlarymyzyň nämeleriň hötdesinden gelip biljekdigini açyk ýagdaýda görkezdiler. Bular ýaly mysallar diňe Ýewropaly türklere däl, eýsem şol bir wagtda beýleki bosgun jemgyýetlerede özlerine bolan ynamy we gaýduwsyzlygy döredýär" diýip belledi. 

Türkiýäniň Kowid-19 epidemiýasyndan has hem güýçlenip çykjakdygyny aýdan Erdogan: "Öňüni alyş çärelerini berjaý edip, takdyra boýun bolup, epidemiýa garşy göreşimizi dowam etdireris" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar