Ýefrat Galkany Zolagynda 4 PKK/ÝPG Terrorçysy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Terrorçylar Tel Ryfat etrabyndan Türk ýaragly güýçlerine od açdylar.

1618242
Ýefrat Galkany Zolagynda 4 PKK/ÝPG Terrorçysy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

 

Siriýada “Ýefrat Galkany” zolagynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi,.

Milli goranmak ministrliginden berilen beýannama görä terrorçylar Tel Ryfat etrabyndan Türk ýaragly güýçlerine od açdylar.

Beýannamada 4 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berilýär.

Beýleki tarapdan soňky günlerde geçirilen netijeli operasiýalar bilen dargamaga başlan terror guramasynyň agzalarynyň söhbetdeşlik arkaly boýun egmekleri üçin geçirilýän işler üznüksiz dowam edýär.

Şol çäkde PKK-dan gaçan 1 sanyzy zenan 3 terrorçy Mardin welaýatynda žandarm güýçlerine boýun egdi.



Degişli Habarlar