TBMM-niň Başlygy Şentop Müsüre Gynanç Bildirdi

Mejlisiň başlygy Şentop, Al Jebala duýgudaşlyk ýüzlenmesini ugratdy

1618687
TBMM-niň Başlygy Şentop Müsüre Gynanç Bildirdi

 

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Müsüriň günortasynda ýerleşýän Suhaj welaýatynda bolan otly heläkçiligi sebäpli Müsür Arap Respublikasynyň Wekiller mejlisiniň başlygy Hanafy Ali Al Jebala gynanç bildirdi.

TBMM-den berlen beýannamada, Mejlisiň başlygy Şentop, Al Jebala duýgudaşlyk ýüzlenmesini ugratdy.

Şentop ýüzlenmesinde “Müsüriň Suhaj welaýatynyň Tahta etrabynda bolan otly heläkçiliginde köp sanly adamyň ýogalmagyna we onlarça adamyň ýaralanmagyna uly gynanç bildirýärin. Size we müsüriň halkyna duýgudaşlyk bildirýärin. Heläkçilikde ýogalanlara Beýik biribardan rehnet, hossarlaryna sabyr, ýaralananlara gyssagly şypa dileýärin” diýdi.



Degişli Habarlar