Prezident Erdogan Bilen Wladimir Zelenskiý Huber Köşkde Duşuşdy

Iki lider Türkiýe-Ukraina ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 9-njy maslahatyna gatnaşar.

1618682
Prezident Erdogan Bilen Wladimir Zelenskiý Huber Köşkde Duşuşdy

 

Prezident R. T. Erdogan bilen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Stambulda Huber köşgünde duşuşdy.

Zelenskiý şu gün geçiriljek Türkiýe-Ukraina ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 9-njy maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýä geldi.

Iki lider sagat 15-45-de başlan duşuşykdan soň, Türkiýe-Ukraina ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 9-njy maslahatyna gatnaşar.

Wladimir Zelenskinyň saparynyň çäginde iki ýurduň arasynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi maksady bilen birnäçe şertnama gol çekişiler.

Erdogan bilen Zelenskiý gol çekişlik dabarasyndan soň metbugata beýanama berer.

Prezident Erdogan myhman kärdeşiniň hormatyna resmi agşam naharyny berer.



Degişli Habarlar