Zelenskiý Ertir Türkiýä Gelýär

Zelenskiý Türkiýe-Ukraina Ýokary derejeli strategiň geňeşin 9-njy maslahatyna gatnaşar

1618047
Zelenskiý Ertir Türkiýä Gelýär

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý Türkiýe-Ukraina Ýokary derejeli strategiň geňeşin 9-njy maslahatyna gatnaşmak üçin ertir Türkiýä geler.

Zelenskiýniň şenbe güni gurajak saparynda liderleriň ara alyp maslahatlaşjak ugurlarynyň başynda goranyş pudagy, erkin söwda şertnamasy we syýahatçylyk ugurlary bar.

Türkiýe bilen Ukrainanyň arasynda 2020-nji ýylyň 14-nji dekabrynda korwet we Ýaragly uçarmansyz howa ulaglary üçin önümçilik hem-de tehnologiýa alyşmak boýunça birnäçe şertnama baglaşylypdy.

Ukraina 2019-njy ýylda Türkiýeden 6 sany Baýraktar TB2 uçarmansyz howa ulagny we 3 sany ýer gözegçilik bekedini satyn aldy.

Türkiýe-Ukraina bilelikdäki korwetleriniň Ukrainanyň Nikolaýew şäherindäki Okean gämi gurluşyk werfinde öndüriljekdigi habar berilipdi. Birinji korwetin Türkiýede beýlekileriň Ukrainada öndürilmegi meýilleşdirilýär.

Ukrainanyň uçar firmasy Antonow bilen AN-178 kysymly uçaryň bilelikde öndürilmegi iki ýurduň arasyndaky iň aktual meselelerden biri.

Syýahatçylyk bolsa ýurtlaryň arasyndaky beýleki bir möhüm ugur.

Ukrainanyň türk syýahatçylygy üçin iň esasy ýurtlardan biri bolmagyna garaşylýar.

Soňky döwürde Russiýanyň Ukraina serhetleriniň golaýyna harby güýç getirmeginiň liderler tarapyndan ara alynyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar