ABŞ-na Degişli Iki Harby Gäminiň, Türk Bogazlaryndan Geçmegi Üçin Türkiýä Maglumat Berildi

Harby gämileriň 4-nji maýa çenli Garadeňizde galjakdygy nygtalýar

1618081
ABŞ-na Degişli Iki Harby Gäminiň, Türk Bogazlaryndan Geçmegi Üçin Türkiýä  Maglumat Berildi

 

ABŞ-na degişli iki harby gäminiň, türk bogazlaryndan Garadeňize geçmegi üçin Türkiýä diplomatiýa taýdan maglumat berildi.

Diplomatik çeşmelerde, ABŞ-nyň iki harby gämisini Garadeňize ugratjakdygy hakyndaky habarlar barada “Bize Montr şertnamasyna laýyklykda ABŞ-nyň iki harby gämisiniň Garadeňize ugradyljakdygy barada 15 gün ozal diplomatiýa taýdan maglumat berildi” diýilýär.

Şol çeşmeler, harby gämileriň 4-nji maýa çenli Garadeňizde galjakdygyny nygtaýar.


Etiketkalar: #bogaz , #ABŞ , #harby gämi

Degişli Habarlar