Siriýada Zeýtun Şahajygy sebitinde 2 esger şehit boldy
Siriýada Zeýtun Şahajygy sebitinde guralan terrorçylykly hüjümde 2 esger şehit boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden beren beýanatynda: "Terror guramasy PKK/ÝPG tarapyndan Siriýanyň Zeýtun Şahajygy sebitindäki hüjümde 2 esgerimiz şehit boldy" diýip habar berildi.
Sebitde terror guramasyna degişlidigi kesgitlenen nyşanalara hüjüm guralandygyny aýdan Milli Goranmak ministrligi, 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi.
Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan 2018-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda geçirilen Zeýtun Şahajygy operasiýasy bilen sebit terrorçylardan saplanypdy.
Degişli Habarlar

Hulusi Akar, Liwiýanyň Baş Ştabynyň Başlygy Al Haddady Kabul Etdi
Kabul edilşige Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler hem gatnaşdy.

Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam pPdasy 354 Boldy
Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 54 müň 791 adama ýetdi