377 Terrorçynyň Türkiýedäki Emlaklary Saklandy

Emlaklary saklanan FETÖ agza 205 adamyň arasynda Fetullah Gülen ünsleri özüne çekýär

1616447
377 Terrorçynyň Türkiýedäki Emlaklary Saklandy

 

Fetullahçy terror guramasy FETÖ, DAIŞ-e, PKK/KJK we DHKP/J ýaly terror guramalaryna agza 377 adamyň Türkiýedäki emlaklary saklandy.

Gazna we maliýe ministrliginiň degişli karary Resmi gazetde çap edildi.

Emlaklary saklanan FETÖ agza 205 adamyň arasynda Fetullah Gülen ünsleri özüne çekýär.

Sanawda FETÖ agza Hamdi Akyn Ipek, Ekrem Dumanly, Hidaýet Karaja, Abdullah Aýmaz, Ahmet Kurujan, Jemal Uşak, Jewdet Türkýolu, Mustafa Özjan, Mustafa Ýeşil, Önder Aýtaç we Şerif Aki Tekalan hem bar.

Karara laýyklykda terror guramasy PKK/KJK-a agza 77, DHKP/J-a agza 9, DAIŞ-e agza 86 adamyň hem Türkiýedäki emlaklary saklandy.


Etiketkalar: #PKK , #FETÖ , #saklanan , #emlak

Degişli Habarlar