Mewlüt Çawuşogly güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Mewlüt Çawuşogly, hususy telewideniýe kanallaryň birine telefon arkaly birigip, güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi.

1614715
Mewlüt Çawuşogly güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gara deňizi Egeý deňizi bilen birleşdirjek Kanal Stambul taslamasy babatynda, Türkiýä garşy hiç hili basyşyň bolmandygyny, olar ýaly basyşy Türkiýäniň kabul etmeginiň hem mümkin däldigini beýan etdi.

Mewlüt Çawuşogly, hususy telewideniýe kanallaryň birine telefon arkaly birigip, güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi. 

Kanal Stambul taslamasy babatynda, Türkiýä garşy hiç hili basyşyň bolmandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly, olar ýaly basyşy Türkiýäniň kabul etmeginiň hem mümkin däldigini aýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Montrýo ylalaşygy diňe bogazdan geçmegi düzgünleşdirmeýär. Gara deňizde ýurtlaryň näçe sany gämi saklap biljekdigini, olaryň ýükleriniň agyrlygyny, möhletleri bilen birlikde ençeme çäklendirmäni özünde jemleýär. Ýagny Kanal Stambulyň Montrýo ylalaşygyna täsiri ýok, Montrýo ylalaşygynyň hem Kanal Stambula täsiri ýok" diýip belledi. 

Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň hukuklaryny we bahbitlerini Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň liderlik etmeginde goraýandyklaryny beýan etdi. 

ABŞ-nyň täze hökümeti bilen öňdengörüjilikli bir gatnaşyk içinde boljakdyklaryny ozal aýdyp geçendiklerini nygtan Çawuşogly, ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obama zamanynda bu tarapa gelen meseleleriň bolandygyny, ABŞ-ly kärdeşi Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny, Brýusselde duşuşyk geçirendigini ýatlatdy. Mewlüt Çawuşogly umuman alanyňda strategik taýdan pikir edilende Türkiýäni we ABŞ-ny birleşdirýän ençeme meseläniň bardygyny, olaryň hem Türkiýäniň nähili möhüm we strategik ähmiýetlidigini aýdandyklaryny habar berdi. Iki ýurdyň arasyndaky meseleleriň ozaldan hem bardygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly, bu meseleleriň hötdesinden gelmek üçin täze hökümet bilen gepleşikler geçirýändiklerini beýan etdi. 



Degişli Habarlar