“Ýefrat Galkany” Operasiýasy Zolagynda 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Terrorçylaryň durnuklylygy we howpsyzlygy bozmagyna rugsat berilmedi we berilmez

1611902
“Ýefrat Galkany” Operasiýasy Zolagynda 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

 

Siriýada “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy tärisiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda terrorçylaryň durnuklylygy we howpsyzlygy bozmagyna rugsat berilmändigi we berilmejekdigi nygtaldy.

Beýannamada, “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda ot açan terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi ýatladyldy.

Siriýanyň demirgazygynda Azez bilen Jarablus etraplarynyň arasynda ýerleşýän we adyny “Ýefrat Galkany” operasiýasyndan alan zolak 2017-nji ýylyň mart aýynda Türk ýaragly güýçleri we Siriýanyň Milli goşuny tarapyndan terrordan saplanypdy.



Degişli Habarlar