Terrora Garşy Göreş Dowam Edýär

Täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylardan biriniň PKK-nyň Mardinden jogapkär ýolbaşçydygy anyklandy

1611663
Terrora Garşy Göreş Dowam Edýär

 

Mardinde täsirsiz ýagdaýa getirlen 6 terrorçydan biriniň “gyzyl” kategoriýada gözlenýän ekstremist terror guramasy PKK-nyň Mardinden jogapkär ýolbaşçydygy anyklandy.

Içeri işler ministrligi, “Eren-5” operasiýalarynyň çäginde düýn Mardinde täsirsiz ýagdaýa getirlen 6 terrorçynyň arasynda “gyzyl” kategoriýada gözlenýän ekstremist terror guramasy PKK-nyň Mardinden jogapkär ýolbaşçydygy aýdylýan Hasan Mahmudi bilen “mämişi” kategoriýada gözlenýän Teýýüp Çamyň bardygyny mälim etdi.

“Gyzyl” kategoriýada gözlenýän terrorçynyň, terror guramasynyň ýolbaşçysy Murat Karaýylanyň janpenasydygy anyklandy.

Beýannamada, “Terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi bilen şehitlerimiziň we ýaralananlarymyzyň gany ýerde galmady” diýildi we täsirsiz ýagdaýa getirlen beýleki terrorçylaryň şahsyýetleriniň anyklanylýandygy bellenildi.



Degişli Habarlar