Daşary Işler Ministri Çawuşogly Täjigistanda Kärdeşleri Bilen Özara Duşuşyk Geçirdi
Mewlüt Çawuşogly, Hindistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy




Özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak we Aziýanyň Kalby Stambul etabynyň ministrler derejesinde geçirlen 9-njy maslahatyna gatnaşmak üçin Täjigistana giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly saparynyň çäginde Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmanýam Žaishankar, Owganystanyň Daşary işler ministri Hanif Atmar we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy.
Çawuşogly, Twitterden beren habarnamasynda, Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmanýam Žaishankar bilen özara we sebitara meseleler hakynda pikir alyşandyklaryny nygtady.
Owganystanyň Daşary işler ministri Hanif Atmar bilen Owganystandaky parahatçylyk etaby we Stambulda geçiriljek maslahat üçin görülýän taýarlyklar meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Çawuşogly “Owganystan üçin parahatçylyk we durnuklylyk tagallalaryna goldaw bermäge dowam ederis” diýip belledi.
Ministr Çawuşogly, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Baýramow bilen bolan duşuşygy baradaky habarnamasynda bolsa, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda şahsyýet resminamasy bilen syýahat döwrüniň 1-nji aprelde başlamagyndan hoşaldyklaryny belläp, “Güýçli hyzmatdaşlygymyz ähli taraplaýyn dowam eder” diýdi.