Terrorçy Ömer Aýdyn Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Ömer Aýdyn 2021-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türk ýaragly güýçleri bilen birlikde geçirlen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirildi

1610624
Terrorçy Ömer Aýdyn Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

 

Milli Howpsyzlyk gullugy bilen Türk ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Kandilde geçiren operasiýasynda PKK/KJK-nyň gümrük işlerinden jogapkär ýolbaşçysydygy aýdylýan Ömer Aýdyn täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Alynan maglumata görä, 1999-njy ýyldan bäri guramanyň hatarynda PKK/KJK-nyň Yrak-Eýran serhedinde iş alyp barýan we guramanyň ýarag we neşe söwdasyndan jogapkär ýolbaşçylaryndan “Renas Aýdyn” lakamly Ömer Aýdyn Milli Howpsyzlyk gullugy tarapyndan yzarlanmaga başlandy.

Ömer Aýdyn 2021-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türk ýaragly güýçleri bilen birlikde geçirlen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar